Žurnalistiň sahypasy

Atym bar — ganatym bar

27-04-2024 / 27

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň döwlet derejesinde, giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp gymmatlyga goýulýan belent hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz: «Biz sähelçe salym hem özümiziň bedewlerimize berýän ünsümizi gowşatmaýarys, sebäbi olar biziň guwanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda doglan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygynyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlylygyň simwoly bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, türkmen halkynyň geçmişdäki şöhratly, gahrymançylykly ýoly ganatly bedewi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy behişdi bedewlerimize-de mahsusdyr.

Bilşimiz ýaly, aty seýislemek, çapmak, bezemek ýaly ugurlaryň her birine halkymyz döredijilikli zähmetini siňdirip, olary sungat derejesine ýetiripdir. Bu ugurda alym Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Olarda milli atşynaslyk tejribämiz, däplerimiz, ahalteke bedewleriniň nesil ugurlary ylmy esasda beýan edilýär.

At – türkmeniň ýoldaşy. Aty söýmek türkmeniň däbi. Mähriban Arkadagymyz ata-babalarynyzdan deňsiz-taýsyz gymmatly miras bolup galan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny arşa göterip, ýer ýüzünde diňe bedewiň däl, tutuş halkyň mertebesini belende galdyrýar. Bedew atyň ýaşlary terbiýelemekde, olarda gözellige höwes döretmekde ähmiýeti has-da uludyr. Bedew at – milli ruhuň egsilmez çeşmesi.

Milli gymmatlyklarymyza, şol sanda şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimize belent hormat-sarpa goýmak ruhy-medeni mirasymyzy dabaralandyrmakdyr. Biz ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlarynyň, baý tejribeleriniň, maddy-ruhy ýadygärlikleriniň mirasdüşerleridiris.

Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu