Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn çagalyk — abadan durmuş

27-04-2024 / 59

Bilşimiz ýaly, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň geçen ýylyň aprelinde geçirilen guramaçylyk mejlisinde Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Munuň özi döwletimiziň çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatda oňyn tejribesiniň goldanylýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanda eneligi we çagalygy kanuny esasda goramaga, çaganyň ukyplarynyň goralmagyna, ösdürilmegine, başlangyçlarynyň goldanylmagyna, beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenilmegine toplumlaýyn çemeleşilýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty halkyň abadançylygyny üpjün etmäge hem-de jemgyýetiň ruhy, medeni, döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda çaganyň bilim almagyny kepillendirmek üçin zerur şertler döredilýär. Döwlet çaganyň zehininiň ösdürilmegini we bilimliligini höweslendirýär. Şeýle hem çaganyň saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyndan tölegsiz peýdalanmagyny, tölegsiz hünärli lukmançylyk kömegini almagyny üpjün edýär, çaganyň durmuşy we sagdyn ösüşi, doly iýmitlenmegi, arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine laýyk endikleriň kemala gelmegi üçin howpsuz şertleriň döredilmegine ýardam berýär.

Maşgalanyň we mekdebe çenli bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biri-de sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň maşgala däbine öwrülmeginde çagalar, ilkinji nobatda, ululardan, hususan-da, ene-atalaryndan görelde alýarlar. Çaganyň hemmetaraplaýyn beden taýdan ösüşini üpjün etmek hem-de saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işlerde maşgala agzalary we durmuş şertleri esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, mekdebe çenli bilim edaralary esasy merkez hökmünde çykyş edýär. Çünki çaganyň işjeňlik döwrüniň aglaba bölegi şol ýerde geçýär. Mekdebe çenli bilim irki ýaşdan başlap çaganyň duýgularyny ösdürmek, şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan sazlaşykly ösüşiniň esaslaryny kemala getirmek, ony milli we umumadamzat gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, onda ukyplary, zehini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek, daşary ýurt dillerini öwretmek, arassaçylyk, öz-özüňe hyzmat etmek endiklerini terbiýelemek, çagany mekdepde okamaga taýýarlamagy üpjün etmek maksatlaryna hyzmat edýär. Türkmenistanda döwlet we milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň maksatlaryna, wezipelerine laýyklykda, mekdebe çenli bilim alýan çagalaryň sany barha artýar.

Mekdebe çenli ýaşly çagada saglyga gözüň göreji kimin garamaga bolan gatnaşygy terbiýelemekde mugallymçylyk işiniň degişli derejede guralmagy zerurdyr. Mugallym çagalar bilen bilelikde iş alyp barlanda, maşgala agzalary bilen yzygiderli gatnaşykda bolup, çaganyň saglyk medeniýetine içgin aralaşýar. Mekdebe çenli ýaş beden we aň taýdan saglygyň binýady goýulýan döwürdir. Hut şol döwürde beden agzalary işjeň ösýär, şahsyýetiň esasy häsiýetli aýratynlyklary, dünýägaraýşy kemala gelýär. Şu jähetden, bu ýaşda çagalara sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky bilimleri we amaly endikleri öwretmek, bedenterbiýäniň we sportuň ulgamlaýyn maşklaryna aňly-düşünjeli islegleri döretmek möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaş nesil — jemgyýetiň geljege şugla saçýan aýratyn bölegi. Sagdyn, zehinli, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösen çagalary kemala getirmek maşgalanyň, döwletiň, şol bir wagtda, mugallymlaryň esasy wezipesidir.

Enejan GENJIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 32-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu