
Ata Watanymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu şanly sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy ýel bilen deňeşdirilýär. Olar şeýle gujurlydygyna garamazdan, çapýan wagtlary ýagtylykdan, oduň we howanyň güýjünden gujur alyp, ýeriň üstünden uçýan ýaly görünýärler. Şol sebäpli-de olary “ganatly bedewler” diýip atlandyrýarlar. Türkmen halk döredijiliginde bedewleriň ganatly görnüşde beýan edilmegi hem hut şuny aňladýar. Olaryň şeýle keşbi dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda beýan edilýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň ösüşini bedew bady bilen deňeýärler. Biziň halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleri amala aşyrmak bilen, ýagty geljege tarap ynamly öňe barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň çar künjeginde geçirilýän abraýly ýaryşlara, bäsleşiklere we halkara sirk festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Milli toparyň gazanýan ýeňşiniň hormatyna ýurdumyzyň ýaşyl baýdagy belende galdyrylýar. Munuň özi dünýäde ahalteke bedewleriniň halkara abraýynyň barha belende göterilýändigini görkezýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sportunyň we milli atçylyk sirkiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa atçylyk sportunyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna giň ýol açýar. Mynasyp bolnan kuboklar, gazanylan medallar we diplomlar bu toparyň agzalarynyň milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändiklerini görkezýär. Munuň özi ahalteke bedewleriniň atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Häzirki döwürde bedew Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ahalteke tohumly bedewleri gorap saklamak hem-de olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ägirt uly işleri durmuşa geçirdi. Hormatly Prezidentimiz bu asylly başlangyçlary mynasyp dowam etdirmek bilen, behişdi bedewlere belent sarpa goýýar, milli atşynaslyk pudagyny täze belentliklere çykarýar, ýurdumyzda bu pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Eziz EMINOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



