
Magtymguly atamyz ynsanperwerlige, watansöýüjilige, zähmetsöýerlige ýugrulan ajaýyp döredijiligi bilen at-owazy dünýä dolan beýik şahsyýetdir. Ähli ugurlar bilen birlikde, diplomatik ýörelgeler, diplomatda bolmaly häsiýetler akyldar şahyrymyzyň eserlerinde näçe diýseň gabat gelýär. Ynsan Watanyna bolan söýgüsi bilen beýikdir. Magtymguly atamyzyň kalbyndaky watançylyk duýgusynyň güýçlüdigini şu goşgy setirlerinden görmek bolýar:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Magtymguly atamyz diňe bir öz döwrüniň şahyry bolman, eýsem, ähli döwürleriň akyldar şahyrydyr. Ol diňe öz döwletiniň şahyry bolman, dünýä halklarynyň we milletleriniň arasyndaky ykrar edilen beýik akyldardyr. Sarpasy belentde tutulýan Magtymguly atamyzyň goşgulary ähli ynsanlaryñ gursaklarynda ýaşaýar we mundan beýläk hem ýaşar. «Magtymguly beýle diýipdir», «Magtymguly şeýle diýipdir» diýlip halk içinde aýdylýan sözler munuň aýdyň mysalydyr.
Ýerin bilip sözleseň ýüzüň nury dökülmez…
***
Söz sözleseň söz aslyna ýet ýagşy.
***
Magtymguly sözüm gysga şerhi köp.
Islendik ýerde söz berlende öz ýeriňi bilip ýerlikli we manyly sözlemegi başarmalydygy, her bir sözüň manysyny ti:rip, änigine-şänigine ýetmäni başaryp sözlemelidigi goşgy setirleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Sözüň güýji gaty uly, esasan hem, diplomatiýada ýerlikli we manyly sözlemegi başarmaly. Sebäbi geleşikleri, gepleşikleri alyp barýan diplomat öz ýurdunyň adyndan söz sözlemegi, halkyň milli bähbitlerinden ugur alyp çykyşyna we ulanýan sözlerine seresaply we ynamly gürlemegiň hötdesinden gelmegi başarmalydyr.
Magtymguly atamyzyň goşgularynda her bir diplomatyň ýüreginde-töründe bolmaly häsiýetler — Watana, il-halka wepalylyk we söýgi, adalatly, akýürekli, tutanýerli, maksada okgunly, ynsanperwer, gowy gylykly bolmaklyk ündelýär. Şeýle hem akyldar şahyryň goşgularynda ýer, ýurt, Watan, ene toprak barada hem bellenip geçilýär:
Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany,
Ýalançynyň bolmaz anty-imany,
Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany,
Her kimiň öz ili – ymmat ýagşydyr. («Gymmat ýagşydyr»)
Bu goşgy setirlerinden görnüşi ýaly, adam oglunyň özüniň dogduk mekanynyň, öz iliniň ymmatynyň hiç bir zat bilen bahasyna ýetip bolmajakdygyny jaýdar belläp geçýär.
Ýeri gelende bellesek, milli diplomatiýamyzyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde täze bir ugur — Magtymguly atamyzyň «Şygyr diplomatiýasy» diýen düşünje örboýuna galýar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilýändigi, islendik dilde bolsa bolsun, Magtymguly atamyzyň goşgularynyň adamlarynyň dost-doganlyga, ahlak we päk duýgulara uýmaga iterýändigi, şeýle-de şygyrlarynda adamzady agzybirlige, hemaýata ýagşy, işleri etmäge çakylyk paýlaýandygy bilen düşündirilýär.
Häzirki wagtda ata Watanymyzda Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda beýan edilýän ulyny sylamak, kiçini söýmek, dost-doganlyk, birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, birek-biregiň gadyryny bilmek, ejize ganym bolmazlyk, adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly ajaýyp ýörelgelere ýugrulan ajaýyp döredijiliginden ugur alnyp, türkmen milli diplomatiýasy dünýäde dabaralandyrylýar. Biz hem geljekki diplomatlar hökmünde ýurdumyzyň abraýyny, halkara arenasynda türkmen Tuguny has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly diplomatlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys. Biz — ýaşlar Magtymguly atamyzyň çuňňur filosofik şygyrlaryny ürç edip okaýarys we öwrenýäris.
Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



