
Terbiýe bermek — ynsany geljekki durmuşyna we işine taýýarlamak, ony sagdyn pikirli, ruhy we fiziki taýdan kämil bolmaga çagyrmak. Emma terbiýe ynsanyň durmuşynda her ýaş menzilinde dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, çaga dünýä inen pursady, onuň ilkinji terbiýesi öz käbesine bakyşyndan başlanýar. Ol hereket etmegi, gürlemegi we soňky öwrenjeklerini özüne endik edip, öz hossarlaryndan, daş-töweregindäkilerden öwrenýär. Diýmek, terbiýe — bu öwrenmek, görenleriňi gaýtalamak. Terbiýe ilki maşgaladan — kaka-eje, ata-baba, ene-mama, doganlaryňdan alynýar, soňra bolsa çagalar bagynda terbiýeçilerden, enekelerden, Doly bahaly watançylyk terbiýesini bermek mekdebe çenli çagalar edaralarynda işleýän mugallymyň ýa-da terbiýeçiniň öz ukyp-başarnygyna baglydyr.
Çagada eziz Watanymyza söýgi döretmek öz ýaşaýan obadyr: şäheriňden, edep-terbiýe alýan bilim ojagyňdan başlanýar. Şu meselede ýönekeýlikden çylşyrymlylyga diýen ýörelge ulanylsa ýagşy.Ýönekeý düşünjeler çagalaryň çalt ýadynda galýar. Ilki bilen körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä, sapaklar oýun häsiýetinde, bäsleşik, tapmaça görnüşli geçilse gowy. Şonda türkmen halk ertekilerinden, tebigat, gözellik we zähmet hakyndaky öwüt-ündewlerden peýdalanylsa has-da bähbitli bolar.
Türkmen halk döredijilik eserleriniň hem watançylyk terbiýesini bermekde ähmiýeti uludyr. Bu ugurda ilki bilen türkmen halk ertekileri, olaryň belli-belli gahrymanlary barada körpelere düşünje bermeli. Şolar esasynda öz ýaşaýan ýurduňy söýmek, ululara, il-günüňe hormat goýmak, dogruçylyk, mertlik, edermenlik ýaly düşünjeler, häsiýetler kemala gelýär.
Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde ösüp gelýän ýaş nesle bilim terbiýe bermek, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Albina SABIROWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



