Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara terbiýe mekdebi

25-04-2024 / 29

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde wagyz-nesihat, öwüt-ündew häsiýetli goşgulary görmek bolýar. Şeýle goşgular ýaş nesilleri watançylyk mekdebinde terbiýelemekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Şahyryň «Aty gerek», «Mert biläni», «Meýdan ýoluksa», «Beg-ler» ýaly goşgulary mertligi, gaýduwsyzlygy öwüt-ündew edýär. Şeýle goşgular nesilleri merdanalyk, watansöýüjilik mekdebinde terbiýelemekde örän möhüm-dir, çünki bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgelerini görmek bolýar.

Şahyryň döredijiliginde ynsanperwerlik, dost-doganlyk, myhmansöýerlik ýaly ýörelgeleri hem görmek bolýar. «Mert çykar myhmana güler ýüz bile» diýen setirde türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň waspyny görmek bolýar. Halkymyzyň dost-doganlyk ýaly asylly ýörelgesi öwüt-ündewli goşgularda getirilmek bilen, ýaş nesillerde oňat häsiýetleri terbiýeleýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgeler edebiýatyň hem baş ugry bolmagynda galýar.

Magtymguly Pyragy asyrlaryň we nesilleriň şahyrydyr. Onuň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, dünýägaraýşyň giňelýär, seniň öňüňde täze bir dünýä açylýar. Ajaýyp zamanamyzda dana şahyryň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Gadymdan gelýän dilimizi, nusgawy edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ilýas ÇARYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu