Žurnalistiň sahypasy

Başymyzyň täji, Watan!

23-04-2024 / 64

Mähriban Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!»  diýen çuň mazmunly şygary boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň agzybir türkmen halkyna bagyşlaýan beýik söýgüsiniň miwesidir. Milli Liderimiziň ynsanperwer hem röwşen paýhasy netijesinde bu gün ýurdumyz döwrebap ösüşleriň ugry bilen barýar, halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Bu bolsa, gadymy hem müdimi türkmen topragynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýat tutandygynyň subutnamasydyr.

Ýaş nesiller baradaky alada Milli Liderimiziň tagallalarynyň iň esasy ugruny kemala getirýär. Döwrebap ak mermerli mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, sport we sungat mekdepleri, okatmagyň we terbiýe bermegiň iň täze tehnologiýalara daýanýan interaktiw usullary — bularyň ählisiniň aňyrsynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn, ylymly-bilimli kemala gelmegi ugrunda ýurt derejesinde durmuşa geçirilýän maksatnamalar durandyr. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesiller we olaryň bagtyýar geljegi hakynda ägirt uly işleri amala aşyrýar.

Aýry-aýry ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň köpeldilmegi, täze hünär mekdepleriniň açylmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň ençemesiniň girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerimizi tapgyrlaýyn we doly derejede halkaralaşdyrmak babatda degişli ýolbaşçylara berýän tabşyrygy hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin neneňsi alada edýändigini görkezmek bilen, şol bir wagtyň özünde döwrüň talaby-da bolup durýar. Bu özgertmeler her bir raýatyň bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna we ruhy taýdan ösmegine gönükdirilendir. Şeýle eşretli durmuşa gowuşmagyň, onuň gadyryny bilip ýaşamagyň iň esasy serişdeleriniň ylym-bilimdigi bolsa häzirkizaman dünýäsiniň jedelsiz hakykatydyr.

Agzybir türkmen halky, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesil üçin deňsiz-taýsyz tagallalary edip, olara bagtyýar geljegiň binýadyny gurýan parasatly döwlet Baştutanymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem adamlaryň bagtly durmuşda ýaşamaklary, halklaryň arasyndaky dostlukly, ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň berkemegi ugrunda möhüm ähmiýetli işleri amala aşyrylýar. Biz jöwher paýhasly, öňdengörüji hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýarlygyň eşretli gujagyna dolduk. Şu günümiz düýnküden parhly, her täze sepgit öňkülerden belent. Töweregimize, güneşli Diýaryň her daban ýerine göz aýlanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň bu topraga gül bitirip, bagy-bossanlyga öwrendigini, täze oba-şäherleri, şäherçeleri döredip, halkymyzy eşrete ýetirendigini görýäris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandaky şeýle özgerişleriň gadyr-gymmatyny her bir watandaşymyzyň başynyň täjine deňeýändigi zamananyň buýsançly hakykatydyr. Munuň özi türkmen halkynyň şu günki we geljekki bagtyýarlygy üçin abadan ýaşaýşyň mizemez binýadyny guran Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde hasyl bolandyr.

Goý, ata Watanymyzy şan-şöhratyny beýgeldip, agzybir türkmen ojaklaryna bagtyýarlygy, bol-berekedi bagyşlaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Durmuşa geçirilýän giň möçberli, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Aýgül BALOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu