
Bagtyýar nesilleriň gülki sesleri parahatçylygyň, abadan durmuşyň we altyn geljegiň alamaty bolup durýar. Şoňa görä-de, nesil terbiýesi we olaryň sagdyn ösüşi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan ajaýyp mümkinçilikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr» diýen sözleri bolsa ýurdumyzyň körpe nesline aýratyn sarpa hem-de alada bilen garalýandygyny görkezýär.
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy milli we oňyn halkara tejribelerine salgylanmak bilen, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilmek bilen ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnamanyň esasy maksady mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmekden, çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda her ýylyň 25-nji maýynda okuw ýyly tamamlanýar we maý aýynyň 26-syndan sentýabr aýynyň 1-ine çenli tomus sagaldyş möwsümi dowam edýär. Şunuň bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tomus sagaldyş möwsümi üçin gün tertibine» we çagalar bagynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, tomus sagaldyş möwsüminiň işi guralýar.
Çagalar bilen açyk howada beden taplama çäreleri gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň we gyzyklanma çäreleriniň çäginde geçirilýän dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle-de «Körpe bilgirjeler», «Hoş gal, bagym!» ýaly gyzykly çäreler mekdebe çenli bilimiň maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çagalar bagynyň oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite taplama ýodajyklarynda çagalar bilen açyk howada gezelenç çäreleri alnyp barylýar.
Gyzyklanma çäreleri «Türkmenistanyň döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tomus sagaldyş möwsümi üçin gün tertibinde» meýilnamalaşdyrylan günüň birinji we ikinji ýarymlaryndaky gezelençler bilen utgaşdyrylyp guralýar. Bu çäreleriň many-mazmuny çaganyň irki ýaşdan başlap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen bolmaly. Çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän gyzyklanma çäreleri körpejelerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar
Sätgül BABAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



