
Ata Watanymyzda körpe nesiller barada edilýän aladalar häzirki döwürde alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Çünki durmuşymyzyň bezegi we guwanjy bolan çagalar ýagty geljegimiziň eýeleridir. Hut şu nukdaýnazardan hem, bagtyýar nesilleriň sowatly, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Çaga — biziň şu günümiz, ertämiz, dowamat-dowamymyz. Şeýle bolansoň, çaga terbiýesi aýratyn ünslüligi talap edýär. Ýaş nesli döwrebap terbiýelemek köp derejede maşgala baglydyr. Şol bir wagtda her bir çagada Watana, il-güne, maşgala, dogan-garyndaşlara rehimdarlyk, hoşamaýlyk, wepalylyk duýgularyny terbiýelemek diňe bir ata-eneleriň däl, eýsem, biz terbiýeçileriň hem borjudyr.
BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasynda, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çaganyň doly derejede kemala gelmegini üpjün etmek we olaryň bähbitlerini goramak göz öňünde tutulýar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda halkara we milli derejeli çäreleriň uly toplumy durmuşa geçirilip, olar sagdyn nesliň kemala gelmegini we mynasyp ösmegini hem-de köpelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň üstüni ýetirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak we döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Erkinaý KARIMOWA,
Daşoguz şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



