Žurnalistiň sahypasy

Magtymgulynyň setirleri – durmuş sowallarynyň jogaby

23-04-2024 / 23

Magtymgulynyň şygyrlarynda watansöýüjilik, merdanalyk, bir-biregiň mertebesine hormat goýmak ýaly mukaddeslikler giňden şöhlelendirilýär. Onuň eserleri ýagty geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň aňynda begenmek, gynanmak, söýmek, ýigrenmek, ar-namys, wepalylyk ýaly duýgularyň kämilleşmegine, taplanmagyna uly ýardam edýär.

Beýik söz ussady, watançy şahyr il-gün, eziz Watan, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek barada pähim-parasada ýugrulan setirlerini miras galdyrypdyr:

Eşit, adam, dogan-ilden,
Gaýry mähriban ýurt olmaz.
***

Goç ýigide toýdur-baýram,
Her iş gelse il biläni.
***

Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylgaý,
Watany terk edip gidiji bolma.
***

Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.
***

Mestana ýörinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma.

Şahyryň şulara meňzeş öwüt-ündew äheňli setirleri ýaşlaryň aňyna berk ornaşyp, olarda halkyňy, ýurduňy jandan söýmek ýaly duýgulary oýarýar we berkidýär. Şeýle-de, şahyryň ýaş nesle zähmet terbiýesini bermek baradaky nesihatly setirleri şu günki döwrümizde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi durmuş ummanynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Durmuşda gabat gelýän her bir soraga onuň nakyla öwrülen setirlerinden jogap tapmak mümkin. Islendik sorag ýüze çykanda, jogap hökmünde “Magtymguly şeýle diýipdir” diýseň, her bir adam kanagatlanmak bilen başyny atar.

Nurjahan KAKAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu