
15 – 20-nji aprel aralygynda paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy.
Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen Aşgabatda Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine saldamly goşandy bolan ajaýyp sport baýramçylygy geçirildi. Bu ýaryş halklaryň arasyndaky dostlugy, doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde möhüm itergi boldy.
Ýaryşyň guramaçylary baý mazmunly medeni maksatnamany hem taýýarladylar. Ol ýaryşa gatnaşyjylara türkmen halkynyň taryhy, baý medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, ak mermerli Aşgabadyň gözel künjeklerini synlap, lezzet almaga, milli tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, ýaryşa gatnaşyjylar sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen Arkadag şäherine baryp gördüler.
Şeýlelikde, hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlanyp, ol tomaşaçylar üçin ajaýyp baýramçylyga öwrüldi hem-de oňa gatnaşan türgenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu ýaryş türkmenistanlylaryň öz Watanyna buýsanjyny artdyrdy.
Şanur ALLANUROW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



