
Mälim bolşy ýaly, alabaý itleriň nesli gadymyýetden gaýdýar. Gadymy Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman Orta Aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri, äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Dowar bakýan çopanlar mal sürüsini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli itiň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýarlar. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp barýan dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşlerine meňzemeýän, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir.
Alabaýlar güýçli, çydamly, özboluşly aýratyn alamatlary bolan itlerdir. Hakyky alabaýyň daş görnüşi hem-de beden gurluşy özüniň sazlaşykly, deňölçegli, birsydyrgynlygy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Türkmen goýun hem-de aw itleriniň nerw ulgamy örän berk bolup, olar sähel zat üçin ynjalykdan gaçmaýarlar. Olar diýseň saýhally, akylly, syzyjy, gaýduwsyz hem-de özüne göwni ýetýän jandarlardyr. Olar özüne ynanylan mallary, öýleri, iň soňky demine çenli goraýarlar, howp dörände, şol bada ony aňýarlar. Bu gylyk-häsiýetleri olary ýeke bir sakçylykda peýdalanmaga däl, eýsem, başa-baş söweşlerde ulanmaga-da mümkinçilik berýär.
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynyň sesini eşidenden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Adamlar öýden çykanlarynda, gapysyna gulp urmaýarlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galyp, maşgalasynyň howpsuzlygyny doly oňa ynanýarlar. Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman, sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



