Žurnalistiň sahypasy

Hakyky sport baýramçylygy

22-04-2024 / 18

Mälim bolşy ýaly, 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý topary ýeňiji bolmagy başardy. Bu ýaryş ýurdumyzda hokkeý sportunyň ösüşinde täze sahypany açdy.

Şunda biziň hokkeýçilerimiziň bu halkara ýaryşda örän ynamly çykyş edendigini bellemek gerek. Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary Bahreýniň hokkeý toparyndan mese-mälim artykmaçlyk bilen üstün çykmagy başardy. Final duşuşykda “Galkan” (Türkmenistan) we “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) toparlary oýna ýokary depginde başladylar. Ýurdumyzyň hokkeý topary soňky minutlara çenli ussatlygyny görkezdi we garşydaşynyň hüjümlerine döz gelip, ony 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) kümüş, “Wolat” (Belarus) topary bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Sport diňe bir rekordlar ýa medallar bolman, eýsem, ägirt uly jebisleşdiriji güýç bolup, ol medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem Türkmenistanyň sport döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrar we ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

“Galkan” toparynyň şu gezekki ýeňşi Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz umumymilli we halkara ähmiýetli birnäçe iri sport taslamalarynyň başyny başladylar. Şunlukda, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak milli taglymat derejesine çykaryldy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan barha iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär hem-de olary ýokary derejede guramagy başarýar.

Aýlar AŞYRGELDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu