PsihologiýaŽurnalistiň sahypasy

Çagalarymyz bizi näme üçin eşidenok?!

19-02-2021 / 15

Bilermenler çaga psihologiýasy boýunça ene-atalardan sorag-jogap alanlarynda, olaryň köpüsi, çagalarynyň diýen zadyňy eşitmeýändigini, sesiňi gataldýançaň, öz oýunjaklary bilen gümra bolup ýörendiklerini aýdýarlar.

Näme üçin? Sebäbi ene-atalar çagalaryna diýenini etdirtjek bolup, olaryň öz dünýesiniň bardygyny, ilki bilen ol dünýä aralaşmagyň zerurdygyny unudýarlar.

 

  1. Göz-göze gelmek. Çagalar ulular deý ünsüni birbada birnäçe zada berip bilmeýärler. Çaganyň beýni diňe bir zatda ünsüni jemlemäge ukyply. Şol sebäpli oýnap oturan çaganyň sizi eşitmezligi adaty ýagdaý. Çagaňyza bir zat düşündirmek isleseňiz, onda ilki bilen onuň ünsüni özüňize çekmegi başarmaly. Munuň üçin ilki bilen çaga bilen göz-göze gelmeli. Çaga 3 ýaşlarynda bolsa, oňa aýdan zatlaryňy gaýtalamagyny hem aýdyp bilersiňiz.  Sebäbi öz diýen ýumşuňy ýerine ýetirmek has hem ýakymlydyr.
  2. Ähli zady birden aýtjak bolmaň. Daşdan gelen çaga: “Köwşüňi çykar, eliňi ýuw, eşigiňi çalyş, nahar iýmäge geç” Göräýmäge ýerine ýetirilmegi aňsat ýaly. Ýöne unutmaň, bu çaga. Ylaýta-da 3-4 ýaşlaryndaky çaga üçin bu ýumuşlar kyn algoritm. Ol ähli ýumuşlary yzygiderlilikde, sypdyrman ýerine ýetirjek bolup, aljyraňly ýagdaýa düşýär. Kyn algoritmi aňsatlaşdyryň we çaga ýerine ýetirmeli ýumuşlaryny ýeke-ýekeden aýdyň.
  3. Açyk we aýdyň boluň. Mysal üçin käbir ene-atalar : “Sen üstüňi hapalap entek köp oturjakmy? Şeýdip hapa elleriň bilen geziberjekmi?” Psihologlaryň aýtmaklaryna görä, çagalar ähli sözlemleri bolşy ýaly kabul edýärler. Şol sebäpden çaga gönümel, açyk, aýdyň sözlemler bilen ýüzlenmeli. Mysal üçin: “Eliňi ýuw, eşigiňi çykar”.
  4. Gygylyk. Çagalar özüne gygyrylandan, gaty ses bilen käýelenden soňra, bagyşla sorar, gaýdyp etmejegini aýdar. Emma hakykat ýüzünde ol eşitmedi. Esasy maksat- bu gygylygyň we ýakymsyz pursatyň tamamlanmagy. Mundan başga-da gygylyk çaganyň gorkmagyna we netijede pikirleniş ukybynyň peselmegine sebäp bolýar. Şol sebäpden duýgularyňyzy deňagramlylykda saklamagy başaryň.   
  5. Hereket terbiýesi. Çagaňyza multfilmi öçür diýeniňizde, diýeniňizi etmän, gowy görýän pişesini etmegi dowam etdirse, siz hem ene-ata hökmünde sagatlap telewizoryň öňünde oturmagyň zyýanlydygyny bilip, çagaňyzyň gowulygy üçin birnäçe günläp, multik görkezmersiňiz welin, indikide öçür diýen pursatyňyzda öçürjekdigi ikuçsyzdyr.

Dowamy bar…

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu