
Şanly ýylymyzyň her bir güni taryhy wakalara sapýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi şöhratly wakalaryň üstüni ýetirip, ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy.
Pederlerimiz ýol gurana uly sarpa goýupdyrlar, egsilmez alkyş aýdypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän şeýle sogaply işlere aýratyn ähmiýet berilýändigine, asylly ýörelgelere berk eýerilip, döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirilýändigine agzalan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Diýarymyzyň gündogar welaýatyna sary uzap gidýän döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň doly durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny, ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberiniň ep-esli artmagyny üpjün eder. Uzak ýyllar hyzmat etjek döwrebap ýollary gurduryp, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, ulus-ilimiziň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Aýjeren ÝAZWELIÝEWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



