Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Halkara atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna we onuň çäklerindäki bäsleşiklere görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň Arkadag şäherindäki bu iş saparynyň barşynda ýene-de bir gezek behişdi bedewlere goýulýan sarpanyň kämil nusgasyna göz ýetirdik. Saparyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň täze doglan taýjagaza şanly ýylyň hormatyna Şahyr diýip at goýmagy, asylly däbe görä, onuň boýnuna alaja dakmagy ýatda galyjy pursatlar bolup göwünlere mähir nury bolup doldy.
Bir zat beýleki zat bilen juda sazlaşykly biri-biri bilen berk baglanyşykly görülende, ony türkmenler «bagry badaşanlyk» hasaplaýar. Edil şonuň ýaly, bedew bilen halkyň arasyndaky ýakynlyk hem hut şu häsiýete mahsusdyr. Halkymyzyň beýik taryhynda bedewsiz geçilen ýolam, ýylam ýokdur. Hatda nesilbaşymyz Oguz han diýlende hem, atyny segredip duran goja türkmeniň keşbi göz öňüne gelýär. Munuň özi ahalteke bedewleriniň taryhynyň bäş müň ýyllykdan hem has aňyrrakdan gözbaş alandygyna kepildir.
Türkmeniň süňňüne ornan häsiýetleriniň ählisinde hem bedew bilen baglylyk aýdyň duýulýar. Çünki at bilen myradyna ýeten, atyny gardaşy saýan, gapysynda at kişňedip döwlet guran millet türkmenlerdir. Ýer ýüzünde şeýle gymmatlygy döredip, ösdürip, ony sungat derejesine ýetirip bilen millet bolsa ebedidir hem bakydyr. Ebedi milletiň bakylygy bolsa bedewlerimiz bilen baglydyr. Şonuň üçin hem halkymyz ony ömürlik hemrasy hasaplap döwürlerden-döwürlere, eýýamlardan-eýýamlara getirdi.
At bilen asyrylary, döwürleri döwranlary aşyp geçilen üznüksiz bu ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyna getirdi. Bu döwür hem ony has röwşen ertelere alyp barýar. Şeýle ajaýyp zamanada behişdi bedewleriň ykbalyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ulus-ilimiziň alkyşlary egsilmezdir.
Şatlyk ORAZMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.