
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ähli ulgamdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalary adam hukuklarynyň goralmagyny, bähbitleriniň ilerledilmegini üpjün edýär. Çünki adam hukuklarynyň goraglylygy bu — döwletliligiň kämilligine, ýurtda demokratik we umumadamzat gymmatlyklara ygrarlylyga baha bermegiň baş çelgisi.
Ýurdumyz hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, netijeli we döredijilikli halkara gatnaşyklary berkitmekde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki düzümler bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar. BMG-niň birnäçe düzümlerine, Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşine, Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň umumy ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Bu babatda halkara bähbitli tagallalaryny has-da dabaralandyrýar. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň goldawy netijesinde, bu ugurlarda adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary işlenip taýýarlandy we üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegi üpjün etmekde halkara borçnamalary ýerine ýetirmek we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklandy. Meýilnamada adamyň şahsy we syýasy hukuklaryny goramak ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenýär. Has takygy, geçirilen çäreleriň netijesinde, raýatlaryň, aýratyn hem hemaýata mätäç gatlaklaryň hukuk kemsitmeleriniň islendik görnüşinden goraglylygy üpjün ediler.
Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary görkezijileri gazanmakda, ilkinji nobatda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleriniň, jemgyýetde kömege mätäç toparlara goldawyň zerurlygy ýüze çykýar. Adamlaryň aýratyn toparlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, şahsy zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmek babatda mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem kyn durmuş ýagdaýyny ýeňip geçmek bilen baglanyşykly wezipeleriň maksadalaýyk çözülmegi arkaly şu hukuklaryň durmuşa geçirilmegi mümkin. Şoňa görä-de, milli derejede meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän işleriň hatarynda durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilatyň durmuş taýdan goldawa mätäçlik çekýän gatlagyna edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, olary maddy taýdan berkitmek boýunça çäreleri döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek milli maksatnamalarda göz öňünde tutulýar.
Kakamyrat JUMAÝEW,
Halaç etrap uly kazyýet ýerine ýetirijisi.



