Žurnalistiň sahypasy

Türkmen bedewi — buýsanç gözbaşy

20-04-2024 / 26

Türkmen bedewi — çäksiz söýgä we hormata mynasyp. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Türkmeniň aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly döreden maddy gymmatlyklarynyň il-ýurt mertebesine şindi hem mertebe goşýandygynda pederleriň ýalkawy bar.

Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hemsyrdaş bolup gelýär. Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris.

Synlanyňda kalbyňa aram berýän, ýyldyrym çaltlygynda ýelleri böwsüp geçeninde göwnüňi galkyndyrýan bedewlere buýsanmazlyk mümkinmi beri?! Bedewe bolan söýgi ýöne bir söýgi däl. Bu söýginiň aňyrsynda ynsan bilen bedewiň müňýyllyklaryň çuňlugyny yzarlaýan dostlugy durýar. Bedewde halkyň gadymylygy bar.

Ata-babalarymyz geçmişde nähili şan-şöhrat gazanan bolsalar, olaryň ählisinde ahalteke bedewleriniň hem goşandy uludyr. Şonuň üçin hem ynsan häsiýetli bedewler her bir ýigidiň ýakyn dosty, syrdaşy, toýda-jeňde ýoldaşy hasap edilipdir. Muny halk döredijiligimize siňen bedew hakyndaky aýtgylardyr setirler hem aňryýany bilen subut edýär.

Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

Allaýar BAGTYÝAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu