Žurnalistiň sahypasy

Okamak — bereket

18-04-2024 / 46

Ylym-bilim ynsany goraýan gymmatlykdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda amal edilýän düýpli ylym-bilim özgertmeleri ýaşlaryň oňa bolan teşneligini gandyryp, dünýä derejesinde ösen aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwrümiz ösýär, ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Bilim ojaklary häzirki zaman keşbine eýe bolýar, iň kämil, innowasion tehniki enjamlar, kompýuterler, gollanmalar bilen üpjün edilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesilleriň bilimli, watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Jemgyýetiň ruhy-ahlak medeniýetiniň ýokarylygy ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykdadyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir» diýen parasatly sözleri çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir.

Dürli halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti uludyr. Güýçli depginde ösýän Türkmenistan döwletimizde iňlis dilini bilmek döwrüň wajyp talaby bolup durýar. Çünki dünýäniň ösen döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyklary alyp barýan Watanymyzda kämil tehnologiýalar, kompýuter we internet ulgamlary giňden ornaşdyrylýar. Şeýle tilsimatlardan baş alyp çykmak üçin bolsa, halkara dili bolan iňlis diliniň ähmiýeti uludyr.

Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitleýär. Bu günki günde ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar we halkara ülňülerine laýyk ýola goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşlere beslenýän günlerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde birnäçe dostlukly döwletleriň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň geçirilmegi ýaş nesilleriň geljegine bolan belent ynamyň has-da berkemegine esas boldy. Şu ýylyň başynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekilmegi ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň dünýä jemgyýetçiligi bilen deň gadam urýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýip belläp geçýär. Şundanam görnüşi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň geljekki uly ösüşleri, ykdysadyýetde, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda ýokary netijeleriň gazanylmagy ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçinem ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende göterjek ýaşlara uly ynam bildirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlarymyza aýdyň ýollarda ýeňişli menziller garaşýar.

Aýjahan TAŇYRKULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german diller we edebiýaty fakultetiniň «Iňlis dili we edebiýaty» hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu