Žurnalistiň sahypasy

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

18-04-2024 / 15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köp ugurly pudaklarynyň biridir. Agrosenagat pudagynyň okgunly ösmegini şertlendirýän esasy strategiýalaryň biri-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň döwlet tarapyndan ýola goýulmagydyr.

Döwletimiz indi ençeme ýyldan bäri BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ýörite sylaga hem mynasyp boldy. Bu gurama ýurduň oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny goldaýar. Döwletimizde azyk ulgamynda sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gönükdirilen dürli çäreleriň geçirilmegi hem BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralaryny, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Ýurdumyzyň agrosenagat pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw hem berilýär. Agrosenagat pudagynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň dünýä meşhur bolan kuwwatly tehnikalaryny satyn almaga gönükdirilen maýa goýumlar çekilýär. Bu amala aşyrylýan işler bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň netijesi jebis we agzybir halkymyzyň bereketli saçagynyň bezegi, türkmen topragynyň sahawatynyň tükeniksiz çeşmesi. Agrosenagat pudagynyň ösmegine, özgermegine taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Maksat RAZZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu