Žurnalistiň sahypasy

Täze hasylyň aladasy

19-04-2024 / 17

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň daýhanlary bugdaýdan we gowaçadan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda oba hojalygynda möhüm möwsüm – gowaça ekişi üstünlikli dowam edýär.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynda gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlary ekilýän bolsa, galan welaýatlarda diňe orta süýümli sortlar ekilýär. Bu ýerde belläp geçmeli pursat, Daşoguz welaýatynda gowaçanyň pes boýlurak we ir ýetişýän sortlary ekilýär. Munuň özi welaýatyň toprak-howa şertleri bilen baglanyşyklydyr. Bu welaýatda ir ýetişýän gowaçanyň «149-F», «S – 4727» diýen özbek sortlary we ýerli «Daşoguz – 120»,  «Jeýhun», «Gubadag – 3» atly sortlary ekilýär.

Ýurdumyz boýunça gowaçanyň iň köp ekilýäni orta süýümli «Ýolöten – 7», «Ýolöten-39» we «S-2606» sortlarydyr. Täze sortlardan ekilip başlanan «Ýolöten – 50», «Ýolöten-53» sortlary bolsa, süýüminiň ýokary çykymy bilen tapawutlanýar. «Aşgabat – 140», şeýle-de ýapragyny özi düşürýän «Garaşsyzlyk-30» we «TOHU – 17» sortlary-da bar. Soňky bellenen «TOHU-17» sorty özüniň bol hasyllylygy, iri gozasy, kesellere garşy durnuklylygy we talabalaýyk ir ýetişýändigi bilen tapawutlanýar.

Ussat mehanizatorlaryň özleriniň erk edýän tehnikalaryna eýeçilik gözi bilen garap, kärendeçi daýhanlar bilen işleri ysnyşykly alyp barmaklary ekişi wagtynda tamamlamaga mümkinçilik döredýär. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatynyň ýola goýulmagy, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin hem zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän orta we inçe süýümli pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary diýseň begendirdi. Şoňa görä-de, sebitlerde gowaça ekişi gyzgalaňly we guramaçylykly dowam edýär. Biz hem şu günler ýazky ekiş möwsüminde topraga tohum ekýän ähli daýhanlarymyza «Tohumyňyz müňlesin!» diýýäris. Güneşli ülkämiziň sahawatly topragyndan bol hasyl öndürýän ýaş daýhanlara işlemäge, halal zähmet çekmäge, kärendeçilere tehniki hyzmatlary, döküni ýeňillikli bahadan bermäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu