Žurnalistiň sahypasy

Sport — ruhubelentligiň we sagdynlygyň kepili

18-04-2024 / 17

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, sporty ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Döwletimizde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler milletiň saglygynyň berkidilmegine, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir.

Ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sportuň mekany bolan Diýarymyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän häzirki zaman sport desgalarynda sport bilen meşgullanmaga, netijeli türgenleşikleri, ýaryşlary geçirmäge döwrebap şertlerdir mümkinçilikleriň bolmagy guwandyryjydyr. Munuň özi türgenlerimize sportda barha taplanmaga we ussatlyklaryny artdyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, halkara ýaryşlarda hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Ata Watanymyzda we dünýä ýurtlarynda geçirilýän dürli derejedäki sport bäsleşiklerinde merdana türgenlerimiziň öz ýeňişleri bilen ýaşyl Tugumyzy al-asmana galdyryp, Döwlet senamyzy belentden ýaňlandyrmaklary her birimizi buýsanja besleýän ajaýyplykdyr.

Raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Atajan HEMRAÝEW,
Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu