Žurnalistiň sahypasy

Ylym-bilim — adamzadyň hakyky baýlygy

17-04-2024 / 21

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwletimiz mundan beýläk-de yzygiderli esasda ähli mümkinçilikleri döreder. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreler geljekde-de dowam etdiriler.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi we bu kafedralaryň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolup, olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şunda degişli bölümler ýokary bilimi, ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, bilim we maglumat alyşmakda uly orny eýelär. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ÝUNESKO klublary hem döredildi.

Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip nygtaýar.

Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, kämil terbiýeli bolup ýetişmekleri barada bimöçber atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Faruh ABDULLAÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu