
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilim edaralaryna täze innowasion tehnologiýalaryny we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak hem-de kämil sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatynda ylmy taýdan esaslandyrylan anyk wezipeler tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her bir döwletiň röwşen geljegi ylymly-bilimli ýaşlara baglydyr.
Häzirki wagtda ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, sanly serişdeleri giňden peýdalanylýar, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, onuň hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Ösüşli ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän körpelere täze netbuklary sowgat bermegi asylly däbe öwrüldi. Bu kompýuterlerde birinji synp okuwçylary diňe bir ondaky düwmeleriň gurluşyny öwrenmän, eýsem, sanlary, sözleri ýazmaklygy, olary bogna bölmekligi, suratlary çekmekligi hem mugallymlaryň kömegi bilen öwrenýärler. Ähli bilim ojaklarynyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi sanly bilimiň esasynyň, binýadynyň eýýäm birnäçe ýyl mundan öň tutulýanlygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim edaralarynda sanly tehnologiýalary gündelik durmuşymyza girizmek işleri ýörite maksatnamalar boýunça yzygiderli alnyp barylýar. Bu babatda etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem köp işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde, her bir mekdepde sanly maglumatlary alyşmagyň ýeke-täk torunyň döredilýänligini bellemek gerek. Bu günki gün mugallymlarymyz özleriniň ähli resminalaryny we sapakda ulanjak görkezme esbaplaryny elektron görnüşe geçirdiler.
Ynsana tebigatyna öz-özüne hem-de durmuşa akylýetirijilik, paýhaslylyk, zähmetsöýerlik, yhlaslylyk mahsusdyr. Onuň özeni bolsa köp okamak, ylym öwrenmek, kämil hünäre eýe bolmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ýaly gymmatlyklarda jemlenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän bagtyýar nesliniň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, belent ruhly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jeren ÝAGŞIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy.



