Žurnalistiň sahypasy

Sanly bilim we innowasion ösüşler

17-04-2024 / 19

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş gurşawyny sanlylaşdyrmagy öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär.

Ýurdumyzda ylym, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hi­lli elekt­ron maglumat­lar bi­len üp­jün et­mek, san­ly en­jam­la­ry giň­den peý­da­la­nyp, bilim berilişiniň hi­li­niň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk bol­ma­gy­ny gazanmak mak­sa­dy bi­len, 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len tassykla­nan «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ka­bul edil­di. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, bu Kon­sep­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­ler ýokary gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň zerurlyklary üçin ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hudaýberdi AMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu