Žurnalistiň sahypasy

Bilim özgertmeleriniň ýoly bilen

16-04-2024 / 18

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen ýörelgesinden ugur alnyp, milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.

Bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Netijede, bilim ulgamynda Aziýa we Ýewropa döwletleri, halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrundaky beýik başlangyçlaryna eýermek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu işler ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemäge, döwletimiziň pajarlap ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda asylly maksatlary amala aşyrmaga ýardam eder.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Hojamät AŞYRMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu