Žurnalistiň sahypasy

Gadymy medeniýetleriň merkezi

17-04-2024 / 16

Gadymy Änew! Rysgal-berekediň mekany. Ak bugdaýyň emele gelen, ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň dörän ýeri. Adamzada ýaşaýşyň täze derejesini, täze nusgasyny — beýik siwilizasiýany beren toprak.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby hem gadymy Ahal topragynyň köpasyrlyk taryhy barada şu wagta çenli alnyp barlan arheologik barlaglaryň netijesinde öňe sürlen ylmy garaýyşlary täze maglumatlar arkaly has-da baýlaşdyrýan gymmatly gollanma bolup elimize gowuşdy. Ol ösüp gelýän ýaş nesli şöhratly Änew medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmakda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem möhüm ähmiýetli eserdir. 27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy, onuň «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip atlandyrylmagy-da döwrümiziň taryhy wakalarynyň biri boldy. Hajy Arkadagymyzyň täze metjitdäki agzaçar sadakasynda sözlän sözünde nygtaýşy ýaly, bu wakanyň beýik Pyragynyň ady bilen şöhratlanýan ýyla, gadymy Änewiň dünýäniň ünsüni ýene bir gezek özüne çekýän ýyla, ýurdumyzda bolup geçýän halkara derejeli köp sanly taryhy wakalara, mukaddes Oraza aýyna gabat gelmeginde özboluşly çuň many bar.

Diýarymyzyň jemgyýetçilik-medeni durmuşyndaky köp sanly şeýle şanly wakalar, olar mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler biri-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, milli ruhy dünýämiziň döwrüň döredijilik joşguny bilen baýlaşmagyna giň ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, ajaýyp zamanamyzy galkyndyrýan, nesillere ruhy güýç berýän şeýle döwletli işler türkmen medeniýetini, taryhyny, häzirki döredijilik kuwwatyny äleme äşgär edýär.

Kümüş HATAMOWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu