Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn nesil Watanyň geljegidir

16-04-2024 / 17

Ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynda we işlerinde türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk däp-dessurlary, ruhy-ahlak ýörelgeleri mynasyp dowamyny tapýar. Ata Watanymyzda bagtyýar çagalaryň saglyklaryny dikeltmek we berkitmek, olaryň terbiýelenilmegi, bilim we dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda çagalar bakja-baglaryna uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda we ugurdaş ulgamlarynda çagalaryň sagdyn kemala gelmegini gazanmak ugrunda mynasyp işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Çünki çaganyň irki ösüşiniň hil we mazmun taýdan ýokary derejeli bolmagy, aňrybaş şertlerde bilim-terbiýe almagy umumadamzat ösüşiniň düýp özenidir, maşgalanyň, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyň ygtybarly binýadydyr.

Körpeleriň çagalar baglarynda naharlandyrylyşy, olaryň beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşi, saglyk ýagdaýy üns merkezinde saklanyp, onuň durmuşa geçirilişi boýunça tejribeler paýlaşylýar, maslahatlarda seljerilýär we degişli hasabatlar ýöredilýär. Çaganyň hereketiniň ösmegine, onuň sözleýşiniň kämilleşdirilmegine, aklynyň ýitileşmegine, zehininiň açylmagyna, ýaşaýyş hem-de emosional başarnyklarynyň ýüze çykyşyna, peýdaly endikleriniň, arassaçylyk gigiýenasynyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýän usulyýete daýanmak arkaly milli däpler we döwrebap düzgünler berk berjaý edilýär.

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, il-günümiziň bagtyýarlygy barada alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Oksana RUKOWIÇNIKOWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu