
Mälim bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Bilim ojaklarynyň hatarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýylymyzyň şanly şygaryndan ugur alyp, Magtymguly atamyzyň döredijilik mirasyna eýerip okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri milli usulyýetiň gazananlaryna laýyklykda guralýar.
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynda hem akyldar şahyrymyzyň döredijiligi bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Şu mynasybetli Säherlik çäreleri, Göreldeli sapaklary dowamly geçirýäris. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap guraýan sergiler körpelerde aýratyn täsir galdyrýar. Sapaklarda şahyryň terjimehalyny we döredijiligini öwredýäris, şol sanda uly toparlaryň çagalaryna Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadýarys we onuň ruhy-ahlak wesýetleri bilen tanyşdyrýarys.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygary astynda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan usuly-guramaçylyk işleriniň çäklerinde bilim işgärleriniň syýasy, edebi sowatlylyklaryny baýlaşdyrmaga, jemgyýetçilik we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem ähmiýet berilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan edilýän bäsleşiklere, döredijilik agşamlaryna, duşuşyklara gatnaşylýar. Munuň özi nesil terbiýesi we sowatly kemala getirilmegi ugrundaky işlerde milli tejribäniň, hünär kämilliginiň ösdürilmeginde oňyn netijelidir.
Bize — bilim işgärlerine milli ýörelgelerimizden ruhlanyp, işlemäge, ýaş neslimize sowat öwretmäge, olary kämil şahsyýetler edip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Şirinjemal KULLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



