Žurnalistiň sahypasy

Beýik ösüşler ruhumyzy galkyndyrýar

16-04-2024 / 15

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşlerini çaltlandyrmakda, eziz Watanymyzy täze rowaçlyklara ýetirmekde öňde belent maksatlary, aýdyň wezipeleri goýýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da işjeňleşýän ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň wakalary täzelenişiň, özgerişiň, beýik ösüşlerimiziň möhüm badalgasydyr.

Berkarar Watanymyz bu gün beýik ösüşleri başdan geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde obalarymyz, şäherdir şäherçelerimiz özgerýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem Watanymyzy ösüşleriň täze derejesine çykarmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşlerde ýetilýän sepgitler, ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanylýan üstünlikler döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň netijesidir. Jemgyýetde şeýle sazlaşygyň gazanylmagynda syýasy-jemgyýetçilik güýçlerine uly ynam bildirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär.

Täze menzillerinde bizi beýik işlere ruhlandyrýan, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu