
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän ýaşlarymyz sport endiklerini kämilleşdirmek, has ýokary sport netijelerini gazanmak üçin yzygiderli türgenleşip, dürli ýaryşlara gatnaşýarlar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan sport ýaryşlary-da munuň şeýledigini äşgär görkezdi.
Ýakynda, has takygy, 4-5-nji aprelde Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň pauerlifting görnüşi boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi hem-de 5-6-njy aprelde sportuň woleýbol görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjek gyzlaryň arasynda Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň birinjiligi geçirildi.
2024-nji ýylyň aprel aýynyň 11-13-i aralygynda bolsa sportuň grek-rim göreşi boýunça Daşoguz welaýatynyň ýygyndy toparyny welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky sportuň görnüşleri boýunça «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrynda Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Ilmuhammet Suhanberdiýew 87 kilogram agram derejesinde III ýere mynasyp boldy.
Bu görkezijiler häzirki wagtda sporty ösdürmek babatda edilýän bimöçber aladalaryň oňyn netijesidir, sportuň dürli görnüşleri boýunça kämilleşmek üçin zerur şertleriň döredilendigidir. Bu zatlaryň özen-örki bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan sagdyn bedenli, kämil düşünjeli watançy nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.
Atahan ARTYKOW,
Şabat etrabynyň 1-nji soprt mekdebiniň direktorynyň orunbasary.



