Žurnalistiň sahypasy

Halkymyzyň uçar ganaty

14-04-2024 / 32

Türkmen halkynyň ady äleme dolan meşhur ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Çünki kyn günüňde dosta, toý günüňde gardaşa deňelýän bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň uçar ganatydyr, köňül telwasydyr.

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýäde dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewlerine bolan garaýşy öz beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty dikeldilip, olaryň arassa ganly tohumyny köpeltmek, idetmek, atçylyk sportuny ösdürmek işleri-de hil taýdan täze derejä çykarylýar. Bu ugurdaky çemeleşmeler türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň bedew atlaryna bolan sarpasynyň, söýgüsiniň beýanydyr. Şu günler bolsa ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli badalga beriljek ýazky at çapyşyk möwsümine giňden taýýarlyk görülýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda guraljak bu dabaralar we köpçülikleýin çäreler halkymyzyň ahalteke atlaryna goýýan sarpasynyň özboluşly beýanyna öwrüler.

Gülbahar HYDYROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu