
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik we durmuş ýoly, pelsepewi garaýyşlary, pähim-paýhasy her bir okyjynyň aňynda öçmejek täsir galdyrýar. Akyldar şahyr döredijiligi bilen diňe dünýä söz sungatyna gymmatly miras galdyrman, eýsem, şygyrlarynyň üsti bilen öz döwrüniň adamlaryna dünýäniň gurluşy, ýurtlar we halklar, olaryň aýratynlyklary, uly şäherler, söz ussatlary, halk döredijiligi baradaky maglumatlary ýetirýär, halklaryň arasynda gaýybana tanyşlygy ýola goýýar.
Milli şahyr Magtymgulyny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň geljegi, onuň ykbaly gyzyklandyrypdyr. Magtymguly türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny, ruhy ýörelgelerini öz döredijiligine siňdirip, şeýle eserleriň üsti bilen gahryman, mert goç ýigitleri, edep-ekramly gelin-gyzlary, ynsanperwer jemgyýeti terbiýeläp ýetişdirmäge ymtylypdyr. Muňa şahyryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz» ýaly goşgularyny görkezmek bolar.
Pyragy öz döredijiliginde dünýädäki döwletler, iri şäherler, dünýä halklary, olaryň medeniýeti, edebiýaty barada köp ýazypdyr. Munuň özi ýazylanlar barada okyjyda dünýägaraýşyň, pikiriň, netijäniň döremegine getiripdir, ony özge milletleriň medeniýeti we edebiýaty bilen tanyşdyrypdyr. Muňa mysal edip, «Ynsan ýaratdy» atly şygryny görkezmek bolar:
Owazasy düşüp Rum-u Ýemenge,
Müsür, Şam-u, Hindistan-u Dekenge,
Çawy düşüp Hytaý bile Hotanga,
Bir emiri-sahypkyran ýaratdy.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň halk diplomatiýasyna goşan goşandynyň miweleri häzirki günde hem uly ähmiýete eýedir. Magtymgulyny öwrenen dünýä alymlarynyň içinde wenger alymy Arminiý Wamberini, çeh alymy Jozef Blažkowiçi, amerikaly alym Stiwen Landon Westi, rus alymy, türkolog A.N.Samoýlowiçi, Ý.E.Bertelsi, polýak alymy Aleksandr Hodzkony we beýlekileri görkezmek bolar. Magtymgulynyň goşgularyny polýak diline terjime eden belli şahyr we ýazyjy Ýan Bžehwa «Ferdöwsi, Hapyz, Sagdy, Nyzamy, Nowaýy ýaly Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň atlarynyň arasynda beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň ady şöhle saçýar» diýip ýazypdy.
Jemläp aýdanyňda, Magtymguly Pyragy parahatçylygyň ilçisi, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň wagyzçysy, türkmen halk diplomatiýasynyň görnükli wekili, onuň sütünidir.
Dawutmyrat HOJAMGULYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



