
Türkmen paýtagty ýene bir iri sport ýaryşynyň – hokkeý boýunýa halkara ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu halkara ýaryş türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Döwlet Baştutanymyzyň hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport desgalarynyň döwrebap ulgamy hereket edýär, hokkeý boýunça milli çempionatymyz yzygiderli geçirilýär, hokkeý toparlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Bu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň hokkeý görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, mundan 10 ýyl ozal merjen paýtagtymyzda sportuň hokkeý görnüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrunda halkara ýaryş geçirilipdi. Ol ýaryşyň nähili gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara baý bolandygy janköýerleriň ýadyndadyr. Bu gezekki hokkeý baýramçylygyna bolsa dünýä döwletleriniň 10-syndan — Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan, Oman Soltanlygyndan, Bahreýn Patyşalygyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan hem-de Belarus Respublikasyndan toparlar gatnaşýarlar.
Hususan-da, halkara ýaryşyň duşuşyklary paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda, türgenleşikler bolsa «Milli Olimpiýa sport köşgünde» we «Galkan» gyş sport merkezinde geçiriler. Şu jähetden, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz iri halkara ýaryşyň bosagasynda durmak bilen, oňa ykjam taýýarlyk görülýär. Guramaçylyk topary tarapyndan ýaryşyň öňüsyrasynda we onuň dowamynda paýtagtymyz Aşgabada hem-de Arkadag şäherine gezelençleriň birnäçesini guramak meýilleşdirilýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, ýurdumyzda sport boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda amala aşyrylýan işler döwletimiziň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde saglygyň we sportuň gymmatlygyna aýdyň, anyk düşünýän jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynyň ajaýyp mysalydyr.
Nuraý MEREDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.



