Žurnalistiň sahypasy

Ykbaly oýanan eziz obam

14-04-2024 / 41

Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudrat-keremi bilen ata Watanymyzyň,  şol sanda gadymy Sarahs topragynyň hem ykbaly oýandy. Durmuş daragty gülläp şäher derejesine ýeten obamyzyň keşbine nazar salanyňda, ilki bilen, dünýä ülňülerine laýyk derejede abzallaşdyrylan Sport mekdebiniň, Saglyk öýüniň, orta mekdepleriň döwrebap binalary hem şäheriň görküne görk goşýar. Sarahs ilimizde obadaşlarymyzyň şatlygyna şärik bolmaga alysdan-ýakyndan gutlap gelenlere türkmeniň gadymy toý däbine görä hyzmat edilýär.

Dilleri senaly ýaşulularymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň işleriniň rowaçlygy, il-ýurt abadanlygy üçin dogaýy dilegler edýärler. Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça önümçilige öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar we daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar.

Meniň çagalygym hem Sarahs topragynyň  gül-gülälekli seleň sähralarynda, ak ýaýlalarynda geçdi. Görlen süýji düýş ýaly, çagalyk döwrümiz hem ho-ol alyslarda heniz-henizem gol bulap dur. Agzybir, döwletli, biri-biriniň şatlygyna şatlanyp, aladasyny deň çekişmegi öz borjy saýýan obadaşlarymyzyň biriniň maşgalasynda çaga dünýä inse, şol gün bütin oba üçin toý dabara beslenýär.

Türkmen göwne jaý işi ýüregi bilen makullanda: «Tüweleme, tüweleme, höwri köp bolsun!» diýip, ýagşy dileg edýändir. Sarahs ilimizde hem çagalar bagynyň, täze mekdebiň binalarynyň bu gün-erte ulanylmagyna beriljekdigi yhlas bilen başyna barlan işleriň elmydama ileri bolýandygyna güwä geçýär. Ýurdumyzyň beýleki döwrebap obalary ýaly, biziň gadymy Sarahs topragymyzyň nurana keşbe girmegi üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu