
Ruhy kämilligiň waspçysy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda-da uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmeýär. Çünki onuň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklary bilen hem sazlaşykly utgaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek babatda alnyp barylýan işleriň gerimi has-da giňeýär. Beýik akyldaryň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän şygyrlarynyň dünýäniň ençeme diline terjime edilmegi, golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Magtymguly Pyragynyň jemgyýeti ruhy bitewülige, ahlak taýdan sagdynlyga çagyrýan şygyrlary biziň her birimiz üçin kämillik mekdebidir. Ol mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde hem nesilleriň kalbynda uly orun aldy. Munuň özi nusgawy şahyryň türkmen halkynyň medeniýetiniň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň gymmatly mirasyny içgin öwrenmekde, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny ýokarlandyrmakda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.
Şemşat BAKYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



