Žurnalistiň sahypasy

Ösüşleriň özeni, bagtyň binýady

12-04-2024 / 17

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşime taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar.

Ýaş nesli belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserleriniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan, ertirlerimize şamçyrag bolýan ruhy goldaw, gymmatly gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhymyzyň şöhratly sahypalaryndan söz açýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň hem elimize gowuşmagy ekerançylygyň irki ojagy, gadymy siwilizasiýalaryň sallançagy, ak bugdaýyň asyl mekany bilen ýakyndan tanyşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär. Onda ajaýyp pikir-garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa, geografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir.

Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has ilerledýär. Döwlet derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we ynsanperwer ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.

Jemläp aýdanyňda,, täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji hökmünde baha berilýär. Ýurdumyzda bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösdürilmegi ugrunda aýratyn aladalar edilýär. Şeýle işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns berýän hormatly Prezidentimiziň, her bir ýaş raýatymyzy aýratyn mähir hem alada bilen gurşap alan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Dädemyrat ÝUSUPOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu