Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly Pyragy – köňülleriň şamçyragy

11-04-2024 / 15

Aýdym-saz sungaty älem-jahany parahatçylyga, adamzady dost-doganlyga çagyrmak bilen dowamat-dowamdyr. Saz ýüregiň dilinde söýleýär. Hut şonuň üçin hem ol hemmä düşnüklidir. Saz göwünlere mähribanlyk, ýüzlere ýylgyryş çaýýar. Kalby mähribanlyga, jemaly ýylgyryşa ýaran ynsan bolsa bagtyň janly sergisidir.

Hawa, Watanymyzda göwünleri aýdym-sazdan pürepür zehinli ýaşlarymyz sanardan kän. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda-da milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmek barada taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň sungata höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda ezber aýdymçylaryň, sazandalaryň, bu ugurdan ussat hünärmenleriň has-da artmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda ýaşlaryň arasynda yzygiderli dürli bäsleşikler guralýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýaş alymlar geňeşiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy – köňülleriň şamçyragy» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemekden, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmekden, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmakdan hem-de talyplaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bu bäsleşik tapgyrma-tapgyr okuw ýylynyň ahyryna çenli her hepdäniň şenbe güni yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, konserwatoriýada bilim alýan alty talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşýarlar. Bäsleşik başlamazdan öň her topardan toparbaşylar bije çekýärler we garşydaş toparlaryny kesgitleýärler.

Bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän kitaplardan, A.Meredowyň “Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginden”, A.Şyhnepesowyň “Magtymgulynyň älemi”, R.Mustakowyň “Magtymguly we Gündogar edebiýaty” atly kitaplaryndan we Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan soraglar berilýär.

Bäsleşigiň her tapgyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenilýär. Ýeňijiler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň diplomlary we Hormat hatlary hem-de konserwatoriýanyň Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar.

Bu bäsleşik her hepde diýseň çekeleşikli we gyzykly geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygiderli geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň zehinlerini, ukyplaryny, höweslerini has-da artdyrýar.

Gülzada BAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu