
Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halkymyz gamyşgulak, owadan, ýyndam bedewleri bilen ähli döwürlerde hem meşhurlyk gazanypdyr. Ynsan ýaly syzgyr jandary halkymyz geçmişden şu güne çenli özüne ýakyn dost saýyp gelýär. Bu bolsa atyň adama mahsus gylyk-häsiýetleriň birnäçesini özünde jemleýändigini tassyklaýar.
Türkmen halkynyň bedew aty bilen dostlugy müňýyllyklaryň çuňlugyny boýlaýar. Taryhyň sahypalarynyň islendik birinde halkymyzy gamyşgulak bedewlersiz göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem edebi mirasymyzda-da, milli gymmatlyklarymyzda-da bedewe bolan söýgi, belent sarpa mynasyp ornuny tutýar. Atyny ýakyn dosty saýan halkymyz oňa ideg etmegiň hem asyrlaryň tejribesini geçen kämil ýollaryny özleşdiripdirler. Şol sebäpli-de, bedewler — türkmeniň pelsepesi diýip, emgenmän aýdyp bileris.
Ynsanyň bedew ata bolan hormaty juda beýik, belki, şonuň üçindir, adamzat taryhy hakynda söz açylýan uçurlaryndan başlap, bedewli kyssalar hem ýan-ýana ýatlanylyp gelinýär. Müňýyllyklary aşan müň dürli ertekiler, gürrüňler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar – bularyň haýsy birini alyp görsegem, bedew atyň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan, başyna ne gelse-de ýanyndan aýrylmaýan hemrasydygy teswirlenýär.
Baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk sportuna bolan ünsüň barha ýokarlanmagy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda bedewlere goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Behişdi bedewler milli hem-de dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy, wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ahalteke bedewi biziň üstünliklerimiziň, täze taryhy eýýamyň nyşanyna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ganatyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.
Aýgül BEKIÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



