Žurnalistiň sahypasy

Budur türkmen binasy…

11-04-2024 / 22

Türkmen edebiýatynda çuňňur yz galdyryp, ony dünýä tanadan akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyr ýer ýüzünde “Dünýäniň Elbrusy” ady bilen tanalýar. Akyldar Pyragynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Onuň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony “Jemşidiň jamy” bilen deňeşdirýär. Hakykatdan hem Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.

Aslynda, umumadamzat derejesindäki ykbal çözüji şahsyýete öwrülmek söz bilen beýan ederden juda ýokardaky belentlikdir. Taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, ykbal çözüji şahsyýetler döwletleriň tutýan meýdanynyň ululygyna, ilatynyň sanynyň köplügine garap däl-de, diňe adatdan daşary güýjüň emri bilen orta çykýarlar. Biziň Magtymguly Pyragymyz hem şeýle beýik şahsyýetleriň biridir. Bu günki gün dana söz ussadymyzyň dürdäne döredijiliginiň tutuş dünýä ýaýylmagynda türkmeniň beýik şahsyýeti — halkymyzyň Milli Lideri ägirt uly işleri amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň şol işleri mynasyp dowam etdirýändigi bolsa aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçilipdi. Onuň çäginde bolsa «Magtymguly — köňülleriň küýsegi» atly halkara ylmy maslahaty hem guraldy.

Dana şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda türkmeniň sesi bolup ýer ýüzünde ýaňlanyp geldi. Dünýä alymlary tarapyndan “Dünýäniň genisi” diýlip ykrar edilen akyldar Pyragynyň döredijiligi geljekde-de özüniň egsilmez gymmatyny ýitirmez.

Umyda RAHMETJANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň Ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu