Žurnalistiň sahypasy

Gadymy medeniýete bagyşlanan kitap

11-04-2024 / 17

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň şanly wakalara beslenýän şu taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Bilşimiz ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu medeniýetiň üstüniň açylmagy tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe boldy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreleriň badalga alan günlerinde döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bu ugurdaky taryhy maglumatlardyr häzirki döwürde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmakda täze mümkinçilikleri açdy.

Bu ajaýyp eser baý many-mazmuna eýe bolmak bilen, üç bapdan, «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat. Kitaby okanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň medeni mirasyna goýýan uly sarpasyny duýmak bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan täze eseriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda halkymyza ýetirilmegi döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýändigi bellärliklidir. Ajaýyp kitap ýaş nesliň taryhy geçmişimize, milli mirasymyza, ata Watanymyza, ene topragymyza söýgüsini has-da artdyrar.

Ilýas ÝULDAŞOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu