Žurnalistiň sahypasy

Döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

09-04-2024 / 20

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, halkara gatnaşyklarynda özara bähbitli, dostlukly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-täjik dostluk ýörelgeleri, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmen hem-de täjik halklary asyrlaryň dowamynda dostlukly ýaşap, edil dogan ýaly agzybirlikde, ýakyn gatnaşykda bolup gelen halklardyr. Halk nakyllarynda «Dogan — dogana gala» diýlişi ýaly, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem berk taryhy köklere daýanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary hem döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.

1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen, iki garaşsyz döwlet — Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklarda täze taryhy döwür başlandy. 1995-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Täjigistanyň Ilçihanasy açyldy. Şol bir wagtda Duşenbe şäherinde-de Türkmenistanyň Ilçihanasy hereket edýär.

Bilşimiz ýaly, 1994-nji ýylda Täjigistanda Türkmen medeni jemgyýeti döredildi. 2011-nji ýylyň mart aýynda doganlyk ýurtda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 350 ýyllygy bellenip geçildi. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň täjik dilinde çap edilmegi türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy baýlygyna dünýä ýüzünde barha artýan gyzyklanmalaryň nobatdaky beýanydyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Täjigistanda türkmen dilinde okadylýan birnäçe mekdep bar. Olarda okaýan okuwçylar türkmen diline uly gyzyklanma bildirip, ony doly öwrenmäge çalyşýarlar. Mekdeplerde ýokary bilimli türkmen mugallymlary çagalara sapak berýärler. Şeýle-de Täjigistan Respublikasynda türkmen alymlarynyň hem birnäçesi üstünlikli zähmet çekýär, olaryň arasynda ylymlaryň doktorlary we ylymlaryň kandidatlary bar. Mundan başga-da, täjigistanly doganlarymyzyň dürli pudaklarda, şol sanda bu döwletiň häkimiýet edaralarynda hem işläp ýörendiklerini bellemelidiris. Umuman, Täjigistanda ýaşap hem zähmet çekip ýören arkadaşlarymyzyň taryhy köklere daýanýan türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň barha pugtalanyp, bu günki gün doganlyk gatnaşyklaryna öwrülmeginde mynasyp paýy bar.

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulmagy iki ýurduň ynsanperwer, bilim ugurly gatnaşyklaryny giňeltmekde we berkitmekde aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen tarapynyň çözgüdi bilen gurlan mekdebe Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy dostlukly ýurtda-da akyldar şahyra goýulýan sarpanyň belentdigini görkezip, munuň özi Gündogaryň beýik söz ussadynyň mertebeli adyny ebedileşdirer.

Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki resmi saparynyň Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri bilen utgaşmagy özara medeni gatnaşyklaryň ýokary ähmiýetini görkezýär. Bu resmi sapar türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze menzillere ýol açdy. Hyzmatdaşlyklaryň geljekki ösüşine giň gözýetimlerde nazar aýlamaga mümkinçilik berdi.

Mähriban KURAMBAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu