Žurnalistiň sahypasy

Saglyk tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr

08-04-2024 / 19

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň uludan bellenilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar, taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe we sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Sport bilen bagly meseleler ýurdumyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birine öwrüldi. Onuň çäginde ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň ençemesi bolup, olarda iri halkara ýaryşlaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem-de 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny görkezmek bolar.

Toplumlaýyn we ylmy esasda tebigaty goramak strategiýasyny durmuşa geçirýän ýurdumyz dünýäniň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna goşant goşmak bilen, derwaýys ählumumy wezipeleriň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary halkara giňişlikde giň goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş hem halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly döredijilikli syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri we sport ösüşlere tarap ynamly öňe barýan jemgyýetimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Gunça KAKAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu