Žurnalistiň sahypasy

Parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge çagyryş

08-04-2024 / 22

Parahatçylygyň kepilini dialogda görýän Bitarap Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň öňbaşçysy bolup çykyş etmek bilen, onuň biragyzdan goldanylmagyny gazandy. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky syýasy ýeňşidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistanyň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň agramly böleginiň bitaraplyk hem parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglydygyny bellemek gerek.

Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda kabul edilen degişli Kararnama esasynda 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçipdi. Şol wagt türkmen tarapynyň bu başlangyjyna 73 döwlet awtordaş hökmünde çykyş eden bolsa, täze adybir Kararnama babatda olaryň sany 86-a ýetdi. Munuň özi resminamada bellenen wezipeleri ýerine ýetirmäge Türkmenistan bilen deň derejede gatnaşýan ýurtlaryň sanynyň barha artandygyny, parahatçylyk we ynanyşmak dialogyny berkitmegiň zerurlygynyň barha giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

«2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, onuň gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly usullar arkaly çözmegi hemişe ileri tutmakdan başlap, BMG-niň dürli ýyllarda bu ugurda kabul eden resminamalarynyň düzgünlerini berjaý etmäge, öňüni alyş diplomatiýasyny yzygiderli ösdürmäge, parahatçylyk medeniýetini berkitmekde zenanlaryňdyr ýaşlaryň, ýaşulularyňdyr çagalaryň ornuny artdyrmaga, raýat jemgyýetiniň alyp barýan işini goldamaga çenli juda köp mesele boýunça çagyryşlardyr maslahatlary, teklipleri öz içine alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Kararnamada: «Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda dialog höweslendirilýär, gapma-garşylyklar bolsa özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ruhunda çözülýär» diýlip bellenilýär.

Jemläp aýdanyňda, bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.

Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu