Žurnalistiň sahypasy

Ynsanyň baş baýlygy

08-04-2024 / 19

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ýene bir guwançly senesi bolan Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görülýän günlerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun” diýen setirleri ýadyňa düşýär.

Eziz Diýarymyzda “Bütindünýä saglyk güni”, “Bütindünýä donorlar güni”, “Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” ýaly belli günler giňden bellenilip geçilýär. Şeýle-de, ynsan saglygyny goramak maksady bilen dürli keselleriň öňüni almagy ilat arasynda wagyz etmek üçin biraýlyklar meýilnama esasynda guralýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni dünýäniň ähli künjeginde bellenilip geçilýär. Şol sanda, biziň ýurdumyzda-da bu güne aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçirildi.

Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy. Bu hakykata türkmen ili göz ýetirip gelýär. Şonuň üçinem il-günümiz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bedenterbiýe we sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Sport çärelerinden şahamçamyzyň mugallymlary we okuwçylary hem çetde galmaýarlar.

Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmakda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Aýgül ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu