Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — gadymy medeniýetiň ojagy

08-04-2024 / 16

Halkymyzyň taryhy çuňluklaryna içgin aralaşanyňda ata-babalarymyzyň döreden we bize miras galdyran şöhratly medeni-mirasyna göz ýetirip, şeýle beýik milletiň wekilidigiňe buýsanjyň has hem artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bilen tanşanyňda hem milli medeniýetimiziň gymmatyna has aýdyň göz ýetirýärsiň.

Bilşimiz ýaly, güneşli ülkämizde gadymy ýadygärlikleriň, medeni ojaklaryň köpsanlysy ýerleşýän bu öz gezeginde türkmen halkynyň has irki döwürlerde-de dünýäde ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen ojaklarynyň biri bolandygyny görkezýär. Halkymyzyň hiç bir halkyňka meňzemeýän milli medeniýeti dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplarynda hem baý many-mazmuna eýe bolan maglumatlara duşmak bolýar. Halkymyzyň geçmiş taryhynyň şöhratly ýollaryny göz ýetirmekde, olary öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bu ajaýyp eserleriň ähmiýeti uludyr.

Müňýyllyklara uzaýan taryhymyzda döwletimiziň çäginde ösen medeniýetli ençeme şäherleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Şolaryň biri hem öz döwründe uly meşhurlyga eýe bolan gadymy Änew şäheridir. Änew şäherinde dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde has irki döwre degişli bolan tapyndylaryň, şol sanda bugdaý dänejikleriniň we halkymyzyň milli sungatynyň gymmatlyklarynyň tapylmagy hem Änewiň iňňän irki döwürler-de ösen medeniýetli ojaklaryň biri bolandygyna günä geçýär. Bu bolsa keramatly türkmen topragyny ak bugdaýyň mekany hökmünde tutuş dünýäde ykrar etdirmäge ýene bir ýol açdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy Änew   älem içre uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa halkymyzyň baý medeniýetiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly baha mynasyp bolýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Gülnabat DURDYÝEWA,  
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu