Žurnalistiň sahypasy

Şanly ýylyň joşguny

08-04-2024 / 13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýik şahsyýetleriň sarpasy barha belende göterilýär. Türkmen topragynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň kämil şahsyýetine, edebi döredijiligine, nesillere goýan bahasyz mirasyna goýulýan sarpa hem munuň şeýledigini aýdyň subut edýär.

Üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şahyrana  eserinden gözbaş alan arzyly şygarymyz, şahyryň doglan gününiň ýubileý senesiniň halkara derejesinde bellenilmegi hem mähriban halkymyz üçin örän buýsançlydyr. Şu nukdaýnazardan hem, bu şanly wakalar mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, daşary ýurtlarda meýilnamalaýyn esasda dürli mazmunly çäreler, dabaralar guralýar. Bu ugurda ýurdumyzyň milli bilim we jemgyýetçilik düzümlerinde hem asylly işler amala aşyrylýar.

Ýakynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk mazmunly çäre geçirildi. Mary şäherinde geçirilen bu çäre welaýat Baş bilim müdiriligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan guraldy.

«Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» atly aýdym-sazly dabaraly çäre baý mazmunlylygy, terbiýeçilik taýdan ýokary ähmiýeti bilen tapawutlandy. Oňa bilim-terbiýeçilik işgärleri, jemgyýetçilik birleşmesiniň wekilleri, bagtyýar nesiller işjeň gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabaranyň barşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussady Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa, dana Pyragynyň eserleriniň terbiýeçilik täsiri hakyndaky çykyşlara, çeper okaýyşlara, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlara aýratyn orun berildi.

Garaşsyz ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilimli, edep-terbiýeli, yhlasly okap bilim almaklary, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň mynasyp zähmet çekmekleri, jemgyýetçilik çäreleriniň netijeli guralmagy, şanly seneleriň guramaçylykly baýram edilmegi ugrunda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan arzyly alkyşlar bu ýerde edilen ähli joşgunly çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Elbetde, şeýle ýatda galyjy dabaralaryň guralmagy bilim-terbiýeçilik işgärlerini, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, ähli agzalaryny has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhalandyrmak bilen, döwre bolan guwanç-buýsanç duýgularyny artdyrýar. Şeýle-de akyldar şahyryň eserleri bilen bagly baý mazmunly çykyşlary diňlemek, jemgyýetçilik wakalaryna ses goşmak ýaş nesilleriň terbiýesini pugtalandyrmaga täsir edýär, edebi döredijilige, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň goşulmaga itergi berýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.

Gülnar ANNAÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu