
Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bu ajaýyp senä uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa»; «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama»; 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» bar. Ilatymyzyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi.
Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahatyň geçirilmegi hem bellärliklidir. Bu möhüm ähmiýetli çäre baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Gözel Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Dinara EREŞOWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň akuşer ginekolog lukmany.



