Žurnalistiň sahypasy

Ruhubelentligiň baýramy

05-04-2024 / 18

Garaşsyz döwletimizde Bütindünýä saglyk güni uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Türkmen halky hemişe ynsan saglygyna, sagdyn durmuşa uly üns berip gelipdir.

Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adamlaryň saglygy, bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu günler bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Bütindünýä saglyk gününi dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Şol gün welosipedli ýöriş, medeni-sport çäreleri baýramçylyk dabarasy bilen goşulyşyp bellenilip geçiriler. Bu sene sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň özboluşly baýramçylygy bolany üçin ildeşlerimiz her bir sport çärelerine köpçülikleýin we işjeň gatnaşýarlar. Üstümizdäki ýylda-da sagdynlygyň baýramy şatlyk-şowhuna beslener.

Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar, ruhubelent durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şundan ugur alýan hormatly Prezidentimiz ýurt Baştutany bolan ilkinji günlerinden jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga gönükdirilen çäreleri giňden ýaýbaňlandyrdy.

Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmakda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Bossan JUMAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu