
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýip nygtady we söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Türkmenleriň hem-de dünýä halklarynyň Magtymguly Pyraga bolan buýsanjy, hormaty çäksizdir. Türkmen halkynda durmuşda her bir meseläniň çözgüdini Magtymguly atamyzyň şygyrlaryndan gözlemek adat bolup galypdyr. Halkymyz şahyryň şygyrlaryna ýüzlenende, öz gözleýän jogabyny tapýar. Akyldar şahyrymyz çuň manyly, pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bize miras galdyrypdyr. Mämmetweli Keminäniň sözleri bilen aýtsak, Magtymguly atamyz edebiýat meýdanynyň oragyny orup giden şahyrdyr.
Akyldar şahyrymyzyň ýazan şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde mekdep bolup durýar. Şahyryň çagalygy, ýaşlygy, onuň okan, gezen ýerleri, şahsyýeti, döredijilik ýoly okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär. Şahyr «Äleme bellidir» atly şygrynda:
«Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz:
Asly — Gerkez, ýurdy Etrek, ady — Magtymgulydyr»
diýmek bilen, özi barada gymmatly maglumatlary beripdir.
Magtymguly Pyragy dürdäne döredijiligi bilen türkmen edebiýatyny, edebi dilimizi ösdüren akyldar şahyrdyr. Ol durmuşyň ähli pursatlarynda hem halkyň wepaly ogly bolup galypdyr. Professor Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň wepaly ogly Magtymguly Pyragy örän kiçi göwünli, edepli, salykatly, sypaýy adam bolupdyr, ol hiç wagtda ulumsylyk etmändir, men-menlik satmandyr, şöhrata kowalaşmandyr, adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny özünde birleşdiripdir.
Bize akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny, terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly şygyrlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden alkyş aýdýarys.
Maral HOJAÝEWA,
Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.



